Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27-nji martda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda satyn alyndy.
Içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
«TPP D 30 S» kysymly polipropilen daşarky bazarda hem Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenistanyň işewürleri bilen «SN-200» kysymly regenirlenen başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Azerbaýjanly işewürler Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Birinji hilli bugdaý uny içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 million 715 müň manada we 5 million 120 müň 400 ABŞ dollaryna deň bolan 16 geleşik baglaşyldy.







