GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ilçi: "Hindistan nebit-gaz ulgamynda zähmet çekýän döwlet gullukçylary üçin ýörite hünär kämilleşdiriş okuwlaryny işläp düzmäge taýýar"
26.03.2026

Hindistan nebit-gaz ulgamynda zähmet çekýän döwlet gullukçylary üçin ýörite hünär kämilleşdiriş okuwlaryny işläp düzmekde ýardam bermäge taýýar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu dünýäde bilim ulgamynda giň gerimli başlangyçlarynyň biri bolan Hindistanyň Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna (ITEC) bagyşlanan dabarada aýtdy.

Diplomat agzalan okuw maksatnamasynyň nebiti we gazy çykarmakda, olary gaýtadan işlemekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň özleşdirilmegini, energetika ulgamyndaky taslamalary dolandyrmak boýunça hünär derejäniň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde serişdeleriň netijeli ulanylmagyny we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegini öz içine alyp biljekdigini belledi.

Mundan başga-da, ilçihana hindi dilini we adaty lukmançylygyň esaslaryny öwretmek üçin Hindistandan baş hünärmenleri çagyrmagy meýilleşdirýär, bu bolsa bilelikdäki hyzmatdaşlygy akademiki derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

«Hindistan Türkmenistana örän ýakyn hyzmatdaş hökmünde garaýar we dostlukly gatnaşyklary müňýyllyklara uzaýan iki ýurdy ýakynlaşdyrmak boýunça syýasatyny tassyklaýar» diýip, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy sözüni jemledi.