Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji martda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «A-92» kysymly ulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn aldylar.
Içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 million 715 müň manada we 35 million 837 müň ABŞ dollaryna deň bolan 13 geleşik baglaşyldy.







