Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň Prezidentini Respublikanyň milli baýramy bilen gutlady
26.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeş Halk Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 55 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammed Şahabuddine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Şeýlede okaň
25.03.2026
24.03.2026







