GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
25.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 24-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni, «SN-600» we «SN-350» kysymly başlangyç ýaglaryny hem-de soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Şeýle hem daşarky bazarda BAE-niň işewürleri bilen ýerli telekeçileriň arasynda ýeňil senagatynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 9 million 130 müň manada we 2 million 924 müň 345 amerikan dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.