23-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.
Söhbetdeşler agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.







