GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Wise-premýer Guwanç Agajanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň we СNPC-niň ýolbaşçylarynyň geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi
21.03.2026

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, duşuşyklaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda dostluk saparynda bolandygyny aýtdy hem-de bu saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem gepleşikler geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýdyp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.