20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik desgalarynyň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, balyk gorlaryny we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek, telekeçiligi ösdürmek, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisde Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyldy. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän toplumlarynda ýerine ýetirilýän işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler we Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklipleri makullady we olaryň ýerine ýetirilişi boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







