GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti talyplaryň arasynda informatika boýunça IV olimpiadany geçirýär
23.03.2026

15-16-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça IV olimpiadany geçirýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplar 10-njy aprele çenli arzalaryny tabşyryp bilerler. Munuň üçin talyplar baradaky maglumatlar guramaçylyk toparynyň hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna iberilmelidir. Her bir ýokary okuw mekdebinden gatnaşjak talyplaryň sany çäklendirilmeýär.

Mundan başga-da, olimpiada Türkmenistanda we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýan ähli talyplar gatnaşyp bilerler.

Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde Moodle platformasy arkaly onlaýn görnüşde geçiriler.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde bolar. Gatnaşyjylara algoritmik programmirleme, maglumatlary seljermek, emeli aň, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça jemi 10 sany ýumuş berler. Olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berler.

Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Goşmaça maglumaty uniwersitetiň resmi internet sahypasyndan we şu telefon belgileri boýunça alyp bolýar: +99312-39-13-36, +99365-67-51-31, +99312-39-14-57, +99365-62-59-33, +99312-39-13-18, +99364-02-25-21.

Bu olimpiada Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýär we zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň geljekki intellektual ösüşi we hünär saýlamaklary üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem ylmy we amaly meseleleri seljerip biljek ýaş hünärmenleri taýýarlamakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.