Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli türkmen halkyna we watandaşlarymyza Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly gutlag ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde bu gadymy baýramyň agzybirligiň, parahatçylygyň we täzelenişiň nyşanydygyny aýratyn belledi.
Prezident öz gutlagynda Nowruzyň diňe bir tebigatyň oýanyşy däl, eýsem uly medeni mirasdygyna ünsi çekdi. Ol öz çykyşynda şeýle diýdi:
«Magtymguly Pyragy, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Gaýyby, Baýram han ýaly söz ussatlarynyň eserlerinde-de Nowruz däpleri giňden beýan edilýär. Akyldar şahyrlarymyz öz eserlerinde Nowruzyň halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýandygyny... nygtapdyrlar.»
Şeýle hem, Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun alandygy we BMG-niň Kararnamasy esasynda halkara derejesinde bellenilýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutany 2026-njy ýylyň şanly wakalara baýdygyny, aýratyn-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini ýatlatdy. Ol ýurdumyzyň syýasy we ykdysady taýdan berkemeginde Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleriniň ähmiýetini belledi.
Bahar paslynyň gelmegi bilen daýhanlaryň täze hasylyň düýbüni tutýandyklaryny belläp, Prezident şeýle diýdi:
«Alabaharda ýagýan nur-ýagyşlar sahawatly sähramyzy, gözel ýaýlalarymyzy, keremli daglarymyzy bahar paslynyň gaýtalanmajak gözelligine besleýär. Topragymyzyň berekedi artyp, al-elwan gül-gülälekler, bagy-bossanlyklar türkmen tebigatynyň görküne görk goşýar.»
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
«Goý, Nowruzyň kalby joşdurýan owazlary agzybirligiň, dost-doganlygyň waspy bolup, hemişe ýaňlanyp dursun!» diýen sözler bilen döwlet Baştutanymyz öz mähirli arzuwlaryny jemledi.







