Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary 19-njy martda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, strategik hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren waka öwrüldi. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iki ýurduň hem dürli ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklady.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelip, durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.







