GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gurbanguly Berdimuhamedow hytaý wekillerini Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy
20.03.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.

“Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň esaslandyryjysy Wan Szýan duşuşygy açdy we türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin hoşallyk bildirip, uly hormat bilen söz berdi.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşmaga şatdygyny aýtdy.

“Biz ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şanyna iki gezek baýramçylyk dabarasyny geçirýäris. Olaryň biri, ýagny Türkmen bedewiniň milli baýramy öňümizdäki aýyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Ahalteke bedewine bagyşlanan beýleki dabaralar — at çapyşyklary, sergiler bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň çäklerinde guralýar" diýip, Milli Liderimiz belledi.

Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy. “Bu baýramçylygyň çäklerinde guraljak ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, sentýabr aýynda hem geçirip bolar. Şol maslahatyň çäklerinde isleg bildirýänler bu assosiasiýanyň agzasy bolup bilerler. Arkadag şäherinde myhmanlar üçin bedewlere bagyşlanan giňişleýin tanyşlyk gezelenji guralar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.

“Bu biziň umumy baýramymyzdyr. Dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewlerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi we bu täsin bedewleri ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleri üçin hytaýly atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti