Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda, 18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy boldy.
Duşuşygyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň Başlygy mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Si Szinpin belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Hytaýda şu gezekki sapara ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýandygyny belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Si Szinpin Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, şu gün Hytaý Täze ýylynyň soňky gününiň bellenilýändigini we bu iki baýramyň gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, özara hormat goýmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ünsi çekdi.
Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Si Szinpini we ähli hytaý halkyny Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu ýokary syýasy forumlarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.
HHR-iň Başlygy gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny, Hytaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklap, Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Bularyň ählisi Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak dialogy ýörelgelerini berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi. Şunda gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň iň iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.
Duşuşykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Başlygy dostlukly gezelenç etdiler. Soňra özara sowgat alyşmak dabarasy boldy. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi.
Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini ýatlady.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.







