“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” (PÇ(T)SB) kompaniýasy zehinli adamlary Ýaş hünärmenleri ösdürmek maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny amaly önümçilik tejribesi arkaly tehniki hünärmenlere öwürmäge gönükdirilen, 1 ýyllyk şertnamaly (iň köp 3 ýyla çenli) işe ýerleşdirme boýunça güýçli depginli maksatnama bolup durýar.
Maksatnama 2026-njy ýylyň 31-nji dekabry ýagdaýyna 31 ýaşyna ýetmeýän, inženerçilik, geologiýa we geofizika ugurlary boýunça ýokary bilimi bolan we iňlis dilini gowy derejede bilýän (Intermediate dereje) Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýär. Şeýle hem dalaşgärleriň kämil kommunikatiw we ýolbaşçylyk häsiýetleri, çalt öwrenmek ukyplary bolmaly.
Elýeterli wezipeler:
- Nebit we gaz ýataklaryny ulanmak boýunça inžener;
- Geolog;
- Petrofizik;
- Guýynyň içindäki işler;
- Materiallaryň poslamasyna garşy göreş we olaryň barlagy;
- Nebit we gaz desgalarynda inžener tehnolog;
- Deňiz desgalarynda ýygnamak/düzmek;
- Enjamlaryň ygtybarlylygy;
- Mehaniki aýlanýan enjamlar;
- Ölçeg işlerini geçirmek boýunça inžener.
Iş ýeri: Aşgabat ş. / Gyýanly şäherçesi.
Gyzyklanýan şahslar 31-nji marta çenli işe ýüztutma formasyny doldurmaly. Formany “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” (PÇ(T)SB) kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda alyp bolýar.
Edaranyň salgysy: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, ("B" blok).







