GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
CNPC Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny dowam etdirmäge taýýar
19.03.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Pekinde Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada CNPC-niň resmi neşiri “China Petroleum News” habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Hytaý bilen energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň “strategik hyzmatdaşlygyň mysalyna” öwrülendigini belledi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň we Amyderýanyň sag kenaryny özleşdirmegiň bilelikdäki ösüşiň esasy hereketlendirijileri bolup çykyş edýändigi we täze energetik kuwwatlyklarda öňdebaryjy inžener çözgütlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň başlygy Daý Houlýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ýagdaýyna ünsi çekip, Pekiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin maýa goýumlaryny dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunda Türkmenistanyň serişdelerinden we Hytaý bazarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyljakdygy aýdyldy.