GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Halkara Nowruz güni mynasybetli çäre geçirildi
18.03.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Baýramçylyk maksatnamasy talyplaryň edebi-çeper we aýdym-sazly çykyşlaryndan düzüldi. Milli saz guraly dutaryň ajaýyp nagmalary bilen baýramçylyk ruhy has hem belende göterildi.

Çäräniň iň täsirli pursatlarynyň biri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden «Küştdepdi» tansy boldy.

Çäräni jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar ýaşlara bilim almak, döredijilik bilen meşgullanmak babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdiler.