Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri ýokary islegden peýdalandy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “TPP Z 30 G” we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem olar türkmen işewürlerinden birinji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 84 000 000 manada we 1 650 000 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.







