GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda daşarky bazarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
13.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji martda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi ýerlenildi.

Has takygy, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy.

Şeýle hem daşarky bazarda estoniýaly telekeçiler Türkmenistanyň işewürleri bilen regenirlenen süýümi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 835 720,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.