Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň sanly tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi barada maglumat bermek maksady bilen “Sanly geljek: emeli aň, wirtual aktiwler we startap mümkinçilikleri” atly açyk sapak geçirildi.
Açyk sapakda çykyş eden "Ýaş telekeçiler" merkeziniň utgaşdyryjysy, “Döwletli nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory Haknazar Haljanow häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň depginli ösüşi, emeli aňyň durmuşymyzdaky orny we onuň öňümizde açýan mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şunda ýaşlarda sanly sowatlylygy ösdürmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda sanly tehnologiýalar ulgamynyň ösüşiniň tendensiýalary, ýaşlaryň öňe sürýän täze taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini goldamagyň mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berildi.
Açyk sapak talyp ýaşlaryň arasynda gyzgalaňly pikir alyşmalar bilen dowam etdi.







