Dürli kysymly polipropilen 11-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda satyn alyndy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 11-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda türkmen işewürleri “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bilen birinji hilli bugdaý ununy, Dokma senagaty ministrligi bilen nah çig matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda gyrgyzystanly telekeçiler türkmen kärhanalaryndan dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 31 775 000,00 manada we 5 135 941,40 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.







