GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik geçirildi
09.03.2026

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýigitleriniň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik geçirildi.

Mähriban enelerimizi, uýalarymyzy we gyzlarymyzy wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Oňa gatnaşanlar dünýäniň görki bolan enelerimiziň mukaddesligini, türkmen gyzynyň edep-ekramyny öz içine alýan goşgy setirlerini çeper okaýyş arkaly beýan etdiler. Şeýle-de, ýigitler tarapyndan ýerine ýetirilen şirin owazly aýdymlar dabaranyň şowhunyna şowhun goşdy.

Mekdepde geçirilen bu bäsleşigiň hem esasy özeni türkmen halkynyň zenanlara goýýan asylly däplerinden gözbaş alyp, ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesini kämilleşdirmäge gönükdirildi.