Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nebit önümlerine uly isleg bildirildi.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “SN-180”, “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda dokma önümleri ýerlenildi. Daşarky bazarda buýan köküniň goýy ekstraktyny, suwuklandyrylan gazy, portlandsementi, gazbeton bloklaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Nah ýüplügi we birinji hilli bugdaý uny içerki we daşarky bazarlarda satyn alyndy. Satyn alyjylaryň hataryna Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Serbiýanyň işewürleri.







