GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen ýaşlary Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa girmäge çagyrylýar
07.03.2026

Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC International LTD) Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzyň raýatlaryna Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak üçin resminamalaryň kabul edilip başlandygyny mälim etdi.

Gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk iňlis dilini ýokary derejede bilýän we okuw görkezijileri gowy bolan Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Olar aşakdaky ugurlaryň birini saýlap bilýärler:

  • Nebit-gaz inženerligi;
  • Nebit we gazy daşamak hem-de saklamak;
  • Nebit we gaz ýataklarynyň hem-de mineral serişdeleriň geologiýasy we gözleg işleri;
  • Nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek;
  • Himiýa inženerligi we tehnologiýasy;
  • Mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.

Synaglar iki tapgyrda geçiriler:

1. matematika, himiýa we fizika boýunça synag;

2. iňlis dili boýunça bilimleri barlamak üçin söhbetdeşlik bolar.

 

Gerekli resminamalaryň sanawy:

  1. Okuwa kabul edilmek üçin şahamça tarapyndan bellenilen nusga boýunça taýýarlanylan arza (arza resminama tabşyrylanda şahamçanyň edarasyndan alnyp we doldurylyp bilner);

2. Orta mekdebi tamamlanlar üçin orta bilim baradaky attestatyň notarial tassyklanan nusgasy; şu ýyl (2026-njy ýylda) orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar 10-njy we 11-nji synplarda ýylyň dowamynda ýetişigi baradaky hasabat kagyzlary we 12-nji synpyň ilkinji iki çärýegi üçin synp ýolbaşçysy, okuw bölminiň müdiri we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan hasabat kagyzy, şeýle hem mekdepden häsiýetnama;

3. Içerki pasportyň nusgasy;

4. Biometrik pasportyň nusgasy (ege bar bolsa) (pasportyň bu görnüşi bolmadyklar raýatlara ony almagyň ugruna çykmak maslahat berilýär).

5.Okaýan ýa-da işleýän ýeriňizden (harby bölümden) häsiýetnama;

6. Alty sany 3x4 ölçegde fotosurat.

7. Zähmet depderçäniň tassyklanan nusgasy (işleýän okuwçylar üçin).

8. Harby biletiň ýa-da bellige alyş şahadatnamanyň nusgasy.

Sanawda görkezilen ähli resminamalaryň terjimesi talap edilmeýär.

Resminamalar mart aýynyň 16-31 aralygynda Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgysy boýunça kabul ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75.