Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer Guwanç Agajanow 6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.







