GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
06.03.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşyp, çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň kanunlarynyň, hususan-da ýurduň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýanyň düzgünlerini berjaý etmekligiň, tertip-düzgüni saklamaklygyň, sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur almagyň wajyplygyny nygtadylar. Şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Çykyşlarda ýaş nesilleriň watansöýüjilik, ahlaklylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini ösdürmekde ata-babalarymyzyň dowamat-dowam bolup gelýän däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň ähmiýetiniň uludygy nygtalyp geçildi.