GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
04.03.2026

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Zenanlar durmuşyň bahary-ýazy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we beýleki pudaklaryň bilelikdäki guramaçylygynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna nebit, gaz, geologiýa, gurluşyk, telekeçilik pudaklarynyň, awtoulaglar we ýol hojalyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresinde bolan çykyşlarda häzirki wagtda türkmen döwletinde we jemgyýetinde zenanlaryň ornunyň barha artýandygy aýdyldy. Türkmenistanyň zenanlar babatdaky alyp barýan syýasatyna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy hem-de milli kanunçylygyň degişli hukuk namalary, zenanlaryň döwrebap bilim almagy hem-de saglygy, jemgyýetçilik durmuşynda eýeleýän orny bilen baglanyşykly üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar olaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Zenanlar döwletimiziň özleri baradaky hemişelik aladasyna buýsanýarlar, ýurdumyzda maşgalanyň abadançylygy, ýaş nesilleri terbiýelemek üçin döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Türkmenistanda maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygyň nusgasy hasaplanýan hem-de erkekler bilen deň hatarda durýan zenanlara aýratyn gadyr goýulýar. Gelin-gyzlar özleriniň mähirli gatnaşygy bilen parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şöhratly pederlerimiziň ýagşy dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär.

Zenanlar häzirki günde döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Gelin-gyzlaryň möhüm döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary adalatly, deňhukukly jemgyýetiň durnukly we sagdyn ösüşiniň wajyp şertleriniň biridir. Zenanlar adamzada asylly işleri amala aşyrmaga ylham berýän güýçdür.

Bu gün zenanlar dürli ugurlarda öz hünär başarnyklaryny görkezip, halk hojalygynyň hemme pudaklarynda möhüm wezipeleri eýeleýärler. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýet eda­ra­la­ryn­da — ka­nun çy­ka­ry­jy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda mynasyp wekilçilik edýärler, daşary syýasat işine işjeň gatnaşýarlar, telekeçilik işini üstünlikli alyp barýarlar.

Baýramçylyk dabarasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.