GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde ýylyň talyp gözelini saýladylar
04.03.2026

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň iň owadan, zehinli talyp gyzy saýlanyldy. Bu ýerde "Talyp gözeli-2026" bäsleşiginiň deslapky tapgyry dabaraly ýagdaýda geçirilip, ýaşlygyň, gözelligiň we döredijiligiň baýramyna öwrüldi.

Bäsleşik ýaşlaryň intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, işjeň gyzlara goldaw bermäge, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy we medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge gönükdirildi. Oňa gatnaşyjylar diňe bir daşky gözelligi däl, eýsem taýýarlygyň ýokary derejesini, artistlik ukyplaryny, ugurtapyjylygyny hem-de sahnada özüni ynamly alyp barmak başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy — özüň bilen tanyşdyrmak, ýagny gyzyklanmalaryň, öňde goýan maksatlaryň we gazanan üstünlikleriň barada gürrüň bermekden başlap, milli lybaslaryň görkezilişine çenli.

Bäsleşigiň ýeňijileri okuw mekdebiniň we kärdeşler arkalaşygynyň adyndan Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.