GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda türkmen telekeçileri nebit önümlerini satyn aldylar
04.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 3-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda "Türkmennebit" döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen “SN-600” kysymly başlangyç ýagy we “TPP D 30 S” kysymly polipropilen ýerlenildi. Olar Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.

Şeýle hem içerki bazarda türkmen telekeçileri "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi bilen birinji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Özbegistanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewürleri bilen gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 31 650 000,00 manada we 360 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.