GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda içerki bazarda ýerlenildi
03.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda içerki bazarda ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, “SN-180”, “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn aldylar. Şeýle hem içerki bazarda nah ýüplügi we dokma önümleri ýerlenildi.

Daşarky bazarda bolsa Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar portlandsement satyn aldylar. Gyrgyzystanyň işewürleri türkmen telekeçileri bilen dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 222 014 200,00 manada we 250 680,00 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.