28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Hajy Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk gelmelidigini belledi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz ýol ýakalarynda oturdyljak germewleriň kada laýyk bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň sürüjiler üçin howpsuzlyk talaplaryna görä oturdylmalydygyny nygtady.
Şeýle hem Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde we ýol ýakalarynda oturdyljak bag nahallaryny synlady, nahallaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, şäheriň ähli künjekleriniň gür baglyga, ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmelidigini aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Lukmançylyk klasteriniň binalarynyň, täze seýilgähiň gurluşygy batly depginde dowam edýär.
Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi babatda maslahatlaryny berdi.
G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.
Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Soňra ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi.
Milli Liderimiz gezelenji tamamlap, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk pudagy boýunça birnäçe halkara çäreleriň meýilleşdirilendigini aýdyp, olaryň guramaçylykly geçirilmegine, çärelerde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýynyň öz beýanyny tapmagyna, bu işlere degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegine zerur üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.







