GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Kompozitor» filminiň baýraklary tanyşdyryldy
02.03.2026

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Kompozitor» filminiň mynasyp bolan Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baýraklarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Baýraklar fewral aýynda Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky kino günleriniň çäklerinde gowşuryldy.

«Kompozitor» filmi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat etmeginde surata düşürildi. Gazna TÜRKSOÝ-yň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagyna mynasyp boldy. Filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-yň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylagy bilen sylaglandy.