27-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti, Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, hödürlenilen teklipleri makullady we wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy we baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







