GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly teklibi makullady
28.02.2026

27-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi hödürledi. Bu teklip döwlet Baştutanymyz tarapyndan makullandy.

Wise-premýeriň “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.