GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Alžiriň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Oraza aýy bilen gutlady
27.02.2026

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Abdelmajid Tebbun Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

"Bu mübärek günlerde edýän ýagşy doga-dilegleriňiziň, haýyr-sogap işleriňiziň Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin" diýip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hatynda ýazdy.