Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 21-nji fewralda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “AI Solutions” (“Emeli aň çözgütleri”) atly hakatonyň ýeňijilerini yglan etdi.
Hakatonyň jemleri boýunça 1-nji orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň toparlary eýeledi.
2-nji orun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berildi.
3-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary mynasyp boldy.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan diplom hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Şeýle-de ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän 6 topar höweslendiriji baýraklara eýe boldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda hereket edýän “Sanly Çözgüt - IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binýadynda geçirildi. Bu çäre talyplaryň arasynda sanly sowatlylygyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleriň emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, ýokary hilli EA taslamalaryny işläp düzmek başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen guraldy. Hakatona jemi 16 talyp topary gatnaşdy (her ýokary okuw mekdebinden bir topar).
Bäsleşige gatnaşyjylar emeli aňy ulanmak arkaly IT önümlerini, hususan-da, ulanyjynyň derejesine laýyklykda soraglary düzüp bilýän we berlen jogaplaryň esasynda netijeleri bahalandyrýan test ulgamlaryny işläp taýýarlamak boýunça ýaryşdylar.
Gatnaşyjylaryň innowasion çözgütleriniň netijeliligine ýokary okuw mekdepleriniň degişli dersler boýunça mugallymlaryndan hem-de bu ugurda ýöriteleşen hünärmenlerden ybarat eminler topary baha berdi.







