25-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi ýerlenildi. Türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Daşarky bazarda nah ýüplügi we 5% ýoduň spirtdäki ergini ýerlenildi. Olar Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 2 000 000,00 manada we 2 842 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.







