Aşgabatda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Wiktor Nikitininiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň energetika pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Enjam üpjünçiliginden başga-da, «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň wekili Türkmenistana toplumlaýyn hyzmat ediş goldawyny bermek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we uglewodorodlary taýýar önüm almak maksady bilen gaýtadan işlemek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardygyny beýan etdi.
«BASF Intertrade AG» Germaniýanyň himiýa ägirdi bolan "BASF Group-yň" golçur bölüminiň biridir. Ol Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýär. BASF nebit-himiýa pudagynda ägirt uly tejribä eýedir.







