GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
24.02.2026

23-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýän esasy pudaklaryň biri hökmünde oba hojalygynyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, önümçilige sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumynyň, ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, sebitlerde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.