GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebithimiýa önümleri daşarky bazarda ýokary islege eýe
24.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 23-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistanyň telekeçileri "Türkmennebit" döwlet konserni bilen “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçileri bilen nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi bilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 25 625 000,00 manada we 6 479 700,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.