Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň şunuň ýaly täze merkezleriň gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň teklipleriniň öwrenilmegine taýýardygyna ünsi çekdi.
Saglygy goraýyş we sport ulgamynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde işjeň gatnaşýan “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.
Şeýle hem Jon Riz Gahryman Arkadagymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirer diýip belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Jon Riz Türkmenistanda özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyklary görmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Amerikada görýändigine şatdygyny aýdyp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna tarap ugrady.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler.
Golf klubunyň wekilleri Türkmenistanyň golf sportuny ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny belläp, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki golf ýaryşlaryny geçirmegiň özlerine bildirilýän hormat hökmünde kabul edýändiklerini nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. Bu okuw türgenleşik-merkezi 1992-nji ýylda açylyp, häzirki wagtda ol köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde “Türkmenistanda öndürildi” nyşan bilen ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen harytlara möhüm ornuň berlendigini bellemek ýakymly.
Merkezde türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär. Şeýle-de merkez tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy.
Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybaratdyr. Athanada saklanýan atlar üçin niýetlenen ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk maneş, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlaryň suwa ýakylýan ýeri döredilipdir.
Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş we taýýarlanyş ugurlary bilen tanyşyp, bu ýerde atlaryň bäsleşiklere taýýarlanmagy üçin niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýdyp, bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.
Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Işewürler geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny bellediler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzak möhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen duşuşyp, bu ýerde maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler boýunça pikir alyşdy.
“Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.
Şeýle hem pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.
Jon Riz türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçen duşuşykdan soňra Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramaga niýetlenen mümkinçilikler üpjün ediler.
Kaşaň myhmanhanalary, şypahanalary we ajaýyp akwoparky özünde jemleýän Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýanyň çäginde ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini pugtalandyrar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur amatlyklary özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-a bolan saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi.
Iş maslahatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.
Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-a bolan sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy.







