GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
TNGIZT önümçiligini giňeldýär we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini berkidýär
23.02.2026

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmagyň netijesinde öndürýän önümleriniň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrýar.

Toplum ýurduň içerki bazaryny ýangyç we nebit önümleri bilen üpjün edýär, şeýle hem halkara standartlara laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy we çalgy ýaglaryny eksporta ugradýar.

Kärhanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugry nebithimiýa önümçiligi, hususan-da gurluşyk, gaplaýyş we maşyngurluşyk pudaklarynda ulanylýan polipropilen öndürmek boldy. Ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligine geçmek Türkmenistana dünýä bazarynda diňe bir çig mal üpjünçisi hökmünde däl, eýsem taýýar, bäsdeşlige ukyply harytlaryň öndürijisi hökmünde hem öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Zawodlaryň tehnologiki taýdan täzelenmegi sanly dolandyryş ulgamlaryny we energiýa tygşytlaýjy çözgütleri ornaşdyrmak bilen utgaşdyrylýar. Kärhanada hünär taýdan kämil işgärleri taýýarlamak işi hem alnyp barylýar.