Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Batyr Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
Wise-premýer G.Agajanow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşyrguly Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.







