GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
13.02.2026

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gün tertibi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler köptaraplaýyn platformalaryň, hususan-da, GDA-nyň we Hazarýaka döwletleriň formatynyň çägindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.