GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky oýun: Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyndaky çekeleşikli hereketler
12.02.2026

11-nji fewralda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk hem “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler.

“Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy.
“Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy. Milli Liderimiz oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny nygtapdy.

Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi.