2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymýyllygynyň ilkinji sapagy, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçirildi. Ilkinji okuw sapagynda Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryndaky ösüşleri, ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleri delillere esaslanýan düşündirişler bilen giňden beýan edildi.
Mugallymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryndan giňişleýin peýdalanyp, şöhratly taryhymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýandygyna talyplar bilen söhbetdeşlikde aýdyň göz ýetirdiler.
Watanymyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sapak ýaşlaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, kalbyny ata Watanymyza bolan söýgüden dolduryp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin döwrebap bilim almaga, päk ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrdy.







