GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýylyň şygarynyň ähmiýetine garaldy
30.01.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­menis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýylyna bagyşlanyp «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler 2026-njy ýylyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň taryhy waka bolandygyny nygtadylar.

Ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýandygy, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýän bu şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlylygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär. Bedew atyň belent ruhy, ýyndamlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamlylygyny alamatlandyrýar. Bu taryhy atlandyrma döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasatynyň logiki dowamy bolup durýar.

«Tegelek stol» duşuşygyna gatnaşyjylaryň nygtap geçişleri ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz bolsa ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär.