Ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny hut şu ýerden başlap, şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Dabara gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler. Toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Soňra ýygnananlar bagtyýar maşgalanyň bäbekhanadan körpejäni alyp gelýän pursatlaryna şaýat boldular. Munuň özi göwünleri galkyndyryp, hemmeleriň kalbynda şatlyk duýgularyny döretdi. Soňra çärä gatnaşyjylar halkymyzyň gelin edinmek dessurynda häzirki wagtda ýerine ýetirilýän toý çäreleriniň birini — ak ýoldan gelnalyjy kerweniniň geçişini synladylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.
«Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar “akylly” şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Olary eli baýdakly talyplar, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary şatlyk-şowhunly garşyladylar we mübäreklediler.
Bu ajaýyp waka mynasybetli atly ýöriş arkaly barýan kerweniň ýol ugurlarynda dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar. Sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir.
Soňra «Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar.
Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Urs Pilz toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.
"Siziň toparyňyz, çapyksuwarlaryňyz we atlaryňyz, hakykatdan-da, ýokary derejeli, täsirli çykyşlary bilen festiwalymyzyň bezegine öwrüldi. Olaryň gazanan üstünliklerini, ýokary ussatlyklaryny hem-de ýurduňyzyň mertebesini nähili belent derejede görkezendiklerini hiç haçan ýadymyzdan çykarmarys. Siziň aramyzda bolmagyňyz biziň üçin uly mertebe boldy” diýip, Urs Pilz aýtdy.
Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.







