GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi ýurduň nebitgaz pudagyna durnukly hyzmat edýär
29.01.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi nebitçileriň ýakyn ýardamçysy hasaplanýar. Kärhana nebitçileri gündelik önümçilik meýdançalaryna gatnatmak, baýlyklar känlerini özleşdirmekde zerur bolan enjamlarydyr turbalary bellenilen ýerlere eltmek bilen meşgullanýar.

2025-nji ýylda ýylda kärhana Hytaýda öndürilen «Yutong» kysymly wahta awtobuslarynyň 30-sy gelip gowuşdy. Bu bolsa amala aşyrylýan hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Häzirki wagtda kärhanada jemi 300-e golaý dürli awtoulaglardyr tehnikalar kadaly işledilýär. Ussat sürüjiler her gün ir säher bilen Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Çeleken ýaly nebit-gazly baýlyklar känlerine ýola düşüp, nebitçilere göwnejaý hyzmatlary amala aşyrýarlar. Bu ýerde zähmet çekýän sürüjilerdir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edýärler.

Kärhananyň binýadynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hereket edýär. 400 adama niýetlenen bu merkezde tomusky dynç alyş möwsüminde nebitçileriň çagalarynyň sapaly dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen.

Geçen ýylyň netijeleri boýunça kärhanada amala aşyrylan işleriň pul hasabyndaky umumy möçberi 45 million 601 müň manatlykdan gowrak bolupdyr. Şeýlelik bilen, meýilnama bilen deňeşdirilende 520 müň manatdan gowrak artyk boldy.

Awtoulag kärhanasynda amala aşyrylýan işleriň häzirki depgini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir aýynyň diňe üstünliklere beslenjekdigine ynamy artdyrýar.