GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitgaz pudagynyň işgärleri bäsleşigiň ýeňijileri boldular
28.01.2026

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işgärleri «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we «Ussatnews» elektron gazeti tarapyndan guralan «Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» atly bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghana müdiri Sapargylyç Durdygylyjow, «Nebit-gaz» gazetiniň bölüm müdiri Mämmet Mämmedow bäsleşikde birinji orna mynasyp boldular.

Şeýle hem jemgyýetiň häzirki zaman energetika çözgütleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bar.

Iň oňat makalalar «Nebit-gaz» gazetinde, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com saýtlarynda çap edildi.

Birinji orny eýelänlere Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň DIM-i tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde Ýewropa ýurtlaryna okuw saparyna gatnaşmak üçin sertifikatlar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlaryň eýeleri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.