Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda bu pudakda alnyp barylýan işler, önümçiligiň öňdebaryjylary hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň «Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» atly bäsleşigini yglan etdi. Degişli bildiriş «Nebit-gaz» gazetiniň 27-nji ýanwardaky sanynda çap edildi.
Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda amal edilýän işleri metbugatda çeper beýan etmek bilen, zähmetkeşleri öndürijilikli zähmete galkyndyrmakdan, Watanymyzda gazanylýan ýokary ykdysady netijeleri halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmekden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş, ynsanperwer ýörelgesiniň netijelerini dabaralandyrmakdan ybarat.
Bäsleşige Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler gatnaşyp bilerler. Olar ýazan makalalaryny, oçerklerini, fotoreportažlaryny, goşgularyny, hekaýalaryny «Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» diýen şygarda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli. Iberilen işlerde awtoryň öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi takyk görkezilmeli.
Döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň dowamynda geçirilip, onuň jemi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda jemleniler. Bäsleşige gelen işler bäsleşigiň jemi jemlenilýänçä «Nebit-gaz» gazetinde «Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» diýen şygar bilen yzygiderli çap ediler.
«Nebit-gaz» gazetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 58-nji jaý.
Tel.: (+993 12) 44-08-40.
Faks: (+993 12) 44-19-13.
E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm
Bäsleşige iberilen makalalara, oçerklere, fotoreportažlara, goşgulara we hekaýalara baha bermek Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan amala aşyrylar.
Bäsleşikde ýokary netije gazananlar gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.







